“Garaşsyzlyk-bagtymyz”
384Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi
Maslahaty Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary Rejepnazar Taganow açdy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabyny sowgat edendigini we şu gün bolsa mekdebimizde bu kitap bilen tanyşdyrylyş maslahatynyň geçirilýändigini aýtdy.
Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy M.Otuzow hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabyny ilkinji nusgalarynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň gatnaşyjylaryna gowşurylandygyny we özüniň hem maslahata gatşandygyny hem-de bu ajaýyp kitaby sowgat alandygyny aýtdy. Ol kitabyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşiniň dabaralanmagynyň we ýurdumyzyň asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň subutnamasydygyny belledi. Watanymyzda umumadamzat geçmişiniň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan şöhratly taryhymyzy hem-de medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge, öwrenmäge, ösdürmäge ýaş nesli olaryň ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Täze kitapda ýurdumuyzyň geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler aýdyň beýan edilýär we tutuş adamzadyň parahatçylygynyň, ösüşiniň nem-de nurana geljeginiň bähbidine halklary jebislendirýän ýörelgeleriň ähmiýeti açylyp görkezilýär diýdi. Ol täze kitabyň ilkinji nobatda ýaş nesil üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar barada edýän aladalaryny, ýaşlaryň okamaga, dynç almaga mümkinçiliklerini ýaşlaryň bilim almak üçin edýän tagallalaryny we bilim ulgamynda geçirilen özgertmeleri belläp geçdi. Bu ajaýyp sowgady peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, öwrüniň uzak bolmagyny, alyp il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra maslahaty mekdebiň mugallymy Begmyrat Mýatdurdyýew dowam edip ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar diýdi. Kitapda ýurdumyzyň Bitaraplylygynyň resmi taýdan ykrar edilmegi bu taryhy ýoluň möhüm wakasy hökmünde beýan edilipdir. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedigini belleýär. Täze kitapda ýurdumyzyň daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdalygyň ösüşi beýanyny tapýar. Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda ata-babalarymyzyň ýene-de bir beýik arzuwyna – parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen nygtaýar diýip belledi. Sözüniň ahyrynda bolsa ol talyp ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän aladalaryna jogap edip, gowy okap, jemgyýete peýdaly adam bolup yetişmeklerini arzuw etdi.
Maslahatda mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Nurana Pudakowa hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitaby bilen tanyşandygyny we kitapda ýurdumyzda geçen 30 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işler giňden beýan edilipdir diýdi. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda ynanyşmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe sürýän berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginde tutýan orny, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Eziz Diýarymyzda parasatlylyk bilen alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň baş wezipesi halk baradaky aladadyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli täzelenişleriň, uzak geljegi nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň esasyny düzýär. Röwşen geljege bedew bady bilen barýan ata Watanymyzda umumadamzat geçmişiniň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan şöhratly taryhymyzy hem-de medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge, öwrenmäge, ösdürmäge ýaş nesli olaryň ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli liderimiziň üstünlikli amala aşyrýan toplumlaýyn özgertmeleri şu kitapda öz giň beýanyny tapýar diýip talyp belledi. Bu kitap biz talyp ýaşlar üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýetli gollanma bolar diýdi we halkymyzyň döwletli ýörelgelerini rowaçlandyrmakda ählimize görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Çykyş edenler “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitabyň, ilkinji nobatda ýaş nesil üçin uly terbiýeçilik ähmiýetini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiziň ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan egsilmez söýgüsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.