SANLY DÜNÝÄDE MAGLUMAT TAÝDAN HOWPSUZLYK
4Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar talyplaryň
gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Talyplar internetden diňe bilim
almak üçin däl, eýsem aragatnaşyk saklamak, dynç almak we täze zatlary öwrenmek
üçin hem giňden peýdalanýarlar. Emma internet giňişliginde howplar hem az däl:
şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, ýalan we zyýanly maglumatlaryň ýaýramagy,
kiberzorlukly hereketler we ynamsyz saýtlara düşmek ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan
duş gelýär. Şol sebäpli orta hünär okuw mekdebinde kiberhowpsuzlyk boýunça okuw
maslahatynyň geçirilmegi örän wajypdyr. Bu çäre talyplara internetde howpsuz
hereket etmegiň düzgünlerini düşündirmäge we olaryň bu ugurdaky bilimini
artdyrmaga ýardam berýär.
Okuw maslahatynyň barşynda mugallymlar we
talyplar bilelikde açyk pikir alyşyp bilerler. Çärede güýçli parol döretmek,
sosial ulgamlarda şahsy maglumatlary goramak, nätanyş adamlar bilen
aragatnaşykda seresaply bolmak, şübheli ssylkalara basmazlyk we kiberzorluga
garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn üns berilip bilner. Mundan başga-da, talyplar
öz durmuşlarynda duşan ýagdaýlary paýlaşyp, olaryň çözgütlerini bilelikde ara
alyp maslahatlaşyp bilerler. Şeýle usul maglumatlaryň has aňsat ýatda galmagyna
we talyplaryň işjeň gatnaşmagyna şert döredýär.
Netijede, kiberhowpsuzlyk boýunça okuw
maslahaty diňe bilim berýän çäre bolman, eýsem talyplarda jogapkärçilik
duýgusyny ösdürýän wajyp tälim hem bolup durýar. Ene-atalar we mugallymlar bilelikde
çagalary internetiň oňaýly we howpsuz ulanylyşyna ugrukdyrsalar, ýaş nesil
sanly dünýäde ynamly hereket edip biler. Şonuň üçin şeýle çäreleri mekdepde
yzygiderli geçirmek maslahat berilýär. Bu bolsa talyplaryň özleriniň we töwerekdäkileriň
howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýle hem sanly medeniýetiň ösmegine mynasyp goşant
goşar.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymlary:
Reşit