Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!
6 Ýurdumyzda ýaş nesliň watansöýüjilik, ylym-bilime teşnelik, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ruhunda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 16-syna her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy dolulygyna subut edýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň baýram günlerinde bagtdan paýly ýaşlaryň 133 sanysy sylaglanyldy we olara şahadatnama we sowgatlar gowşuryldy.Şeýlelik bilen Daşoguz welaýatymyzyň ýaşlary hem bu dabara gatnaşyp şahadatnama we sowgatlara eýe boldular. TMÝG-niň Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde bolsa many-mazmuna baý “Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň döwletimiziň geljegini kesgitleýän uly güýçdigini nygtap, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, döredijilikli işlemekleri we jemgyýetiň işjeň agzalary bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berdiler.Wagyz-nesihat çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, zähmetsöýerlik we ulylara sarpa goýmak ýaly asylly ýörelgeler giňden düşündirildi. Şeýle hem ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri, sanly bilimleri we daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýermekleri barada gymmatly sargytlar berildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar özlerine bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirdiler we Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine yhlasly okamaga hem-de zähmet çekmäge söz berdiler hem-de ýurdumyzyň şuglaly geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyza hem-de her bir işde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň mugallymy
Täzebay AŞYROW