Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy.
772025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşylarys.
2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.
2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplar döredildi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy