Ylym röwşen geljegimiziň ýalkymy
186Mekdebimizde Ylymlar güni mynasybetli “Ylym röwşen geljegimiziň ýalkymy” atly çäre geçirildi. Çärä mekdebimiziň mugallymlary, talyplary ýaşlary gatnaşmagy bilen birlikde beýleki orta hünär mekdebinden hem mugallymlardyr talyplar gatnaşdylar. Çärede Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baş kätibi Galpakow Nurýagdy, mekdebimiziň mugallymlary A. Abylow, B.Mýatdurdyýew hem-de N.Weliýew, mekdebimiziň talyplary Myradow Arslan we Merdanowa Jeren çykyş etdiler. Çykyş edenleriň ählisi çykyşyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edip, döredip beren şeýle mümkinçilikleri üçin öz minnetdarlyklaryny beýan etdiler.