"Bilimli ýaşlar - Watanyň geljegi"

162
Mekdebimizde mart aýynyň 29-na  "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda "Biimli ýaşlar - Watanyň geljegi" atly bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde talyplar matematika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, iňlis dili, rus dili, taryh, hukuk şeýle hem jemgyýet ýaly dersler boýunça ýaryşdylar.
Bäsleşige welaýatyň ähli orta hünär okuw mekdepleri ýagny, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ýeňiji bolan talyplara ýörite hormat hatlary gowşuryldy.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy
E.Orazowa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42