Sport-sagdynlyk we ruhubelentlik

185 Halkara zenanlar güni mynasybetli, welaýat häkimliginiň hem-de bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik» atly şygar bilen welaýatyň oba hojalyk, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we ykdysadyýet, medeni-durmuş ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekýän zenanlaryň, «Sport — sagdynlyk» atly şygar bilen ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Netijede, sportuň woleýbol görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň topary 1-nji, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary 2-nji, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary 3-nji, talyplaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň topary 1-nji, Türkmen oba hojalyk institutynyň topary 2-nji, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary 3-nji orna mynasyp boldular.
Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplaryň arasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary, degişlilikde, 1-2-3-nji orunlary eýelediler.
Sportuň küşt görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplaryň arasynda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, degişli orunlary eýelediler.
Sportuň şaşka görnüşi boýunça mugallymlaryň arasynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, talyplaryň arasynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýeňişli orunlara mynasyp boldular.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42