Geldi Nowruz äleme
290 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Geldi Nowruz äleme» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, mährem ene Sona Galandarowa, döwlet edaralary işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary, KA-nyň işjeň agzasy Rejepnazar Taganow, mekdebiň talyby Annabeg Aşyrowa dagy çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýandygyny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir gününiň şowhunly, şatlykly toýlara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň dowamynda milli däp-dessurlarymyzy goramakda, goldamakda, dünýä ýaýmakda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň mundan beýläk hem alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Abdy HANGELDIÝEW,
Daşoguz maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Daşoguz habarlary gazeti.
24.03.2023 ý.