Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

453
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli senetçiligi ösdürmek, pederlerimizden miras galan senetçiligiň dünýä medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän aýdym-saz sungatymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga mekdebimiziň mugallymlary, talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar     guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Çynar Mämedowa hem-de Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Mukam”  dutarçylar ansambl toparynyň ýolbaşçysy Tawus Meretdurdyýewa dagylar gatnaşdylar.
Duşuşygy mekdebimiziň direktorynyň orunbasary  Rejepnazar Taganow açyp ol, öz çykyşyny ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän aýdym-saz sungatyny, dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenleriň dutara goýýan sarpasynyň has belentdigini türkem toýlarynyň we türkmeniň ak öýüniň törüniň bezegidigini hem-de dutar sözüniň manysy barada giňişleýin gürrüň berdi. Dutar – “iki tar” diýen manyny berýär. Şol iki tardan çykýan owaz adamy gynandyryp hem, begendirip hem, buýsandyryp hem bilýär. Dutaryň piri Baba Gammar hasaplanýar. Daşyndan seredeniňde, ýönekeý bolup görünýän saz guralyny ýasaýan dutarçy ussalar onuň ýasalyşyny sungat derejesine göteripdirler. Bagşynyň çalýan sazynyň şirinligi dutaryň ýasalyşyna-da baglydygy barada gürrüň berdi. Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundanam beýläk rowaç almagyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Çynar Mämedowa çykyş edip ol öz çykyşynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty barada we dutaryň ýasalyşy barada gyzykly gürrüňleri berdi. Dutar tut agajyndan ýasalýandygyny tut agajy bolsa ýeňil hem berk ondan çykýan owazy hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Dutar ýasaljak agajy güýz aýlary kesip alyp goýmaly we şol tut agajy näçe garry bolsa şonça gowy. Kesip alan badyňa dutar ýasamaga girişmek bolanok. Tuduň töňňesini bir ýyllap ýere gömüp goýmaly. Şonda ol görnüşini, gabarasyny üýtgetmeýändigi barada taryhy maglumatlary belläp geçdi.
Soňra Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Mukam” dutarçylar ansambly toparynyň ýolbaşçysy Tawus Meretdurdyýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň bagşy-sazandalara uly sarpa goýulýar. Muny ussat ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanow “Şükür bagşy” powestinde çeper suratlandyrýar. Türkmen halkynda “dutara dil bitiren” ussatlar sanardan köp bolupdyr. Olardan Sary bagşy, Garly bagşy, Pürli Sary, Oraz Salyr, Nurberdi Gulow, Çary Täçmämmedow, Gurt Ýakubow, Magtymguly Garlyýew, Mylly Täçmyradow, Ilaman Annaýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Kiçi Geldimyradow, Palta bagşy, Nursähet bagşy, Nobat bagşy, Girman bagşy, Muhy bagşy, Sahy Jepbarow dagy il içinde meşhurlyga ýeten bagşy sazandalary we halkymyza nusgalyk bolup galan sazlar “Söýli halan”, “Tomagaly”, “Şelpeli durna”, “Aýna”, “Saltyklar”, “Hajygolak”, “Dilim gyrk”, “Haraýym Döndi”, “Goňurbaş mukamy”, “Mukamlar başy”, “Maýagözel” barada giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Weliýew Nurýagdy çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň aýdym-saz dünýäsi hakda gürrüň edilende Dutar iň ýörgünli saz gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini hem-de taryhda dutaryň gelip çykyşy hakynda gürrüň berdi. Dutar diňe türkmen halkynyň saz guraly bolman eýsem orta aziýa halklarynyň arasynda ýörgünli saz guraly bolup çykyş edipdir. Dutar ýaly atlary şol döwüriň halklary özleriniň däp-dessurlary we ýaşaýyş görnüşiniň tapawutlygyna görä Tamdyranyň kirşleriniň düzülişi we perdeleriniň sany,hem-de ritimleri boýunça aýry-aýry häsiýetleri barada gürrüň berdi.
Ýygnagyň ahyrynda Rejepnazar Taganow şu günki ýygnaga gatnaşan mekdebiň talyp ýaşlaryna okuwda, durmuşda we işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Mekdebiň mugallymy Nurýagdy WELIÝEW  

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42