Daşoguz atçylyk sport toplumynda medeni çäre

25
     2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguz atçylyk sport toplumynda medeni çäre geçirildi. Bu çärede mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Sapargül Owganowa ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüreginden minnetdarlygyny bildirip çykyş etdi. Onuň bu çykyşy “Türkmenistan” teleýaýlymynda goýberildi.
     Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
     “Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň – atyňy”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Aty baryň ganaty bar” ýaly nakyllary, atalar sözüni döreden halkymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny uly ruhubelentlik bilen belleýär, şan-şöhratly bedewlerimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42